SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Hindistanyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtlular üçin täze düzgünleri girizdi. Bu täze düzgünler güýje girdi.

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, Hindistana barjak ähli syýahatçylar “www.newdelhiairport.in” portalyndaky sowalnamany doldurmalydyr. Şeýle hem Nýu-Deli şäheriniň howa menziliniň web sahypasyna Hindistana barmazdan 72 sagat öň alnan koronawirus ýokanjynyň ýokdugy hakyndaky PSR-barlag netijenamasyny elektron görnüşde ýüklemeli.

Saglygy goraýyş ministrliginiň belläp geçişi ýaly, hödürlenen ýalňyş maglumatlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmek işini alyp barjakdygy bellenildi.

Mundan başga-da, uçar bilen baran ýolagçylaryň beden gyzgynlygy ölçeler. Hindistana baran syýahatçyda keseliň alamatlayr bar bolsa, onda lukmançylyk edarasynda izolýasiýa ediler.

Eger lukmançylyk barlagyndan soňra wirus alamatlary bolan halatynda, onuň bilen aragatnaşyk saklan ähli adamlar anyklanyp, karantina alnar.

Hindistanyň girizen täze düzgünlerine görä, Covid-19 lukmançylyk barlagy 5 ýaşdan kiçi çagalar üçin zerur däldir.

Hindistanyň Içeri işler ministri şu ýylyň 15-nji oktýabryndan ýörite gatnawlar bilen gelýän daşary ýurtlulara syýahatçylyk wizalaryny berip başlady. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň martyndan Hindistan koronawirus pandemiýasy sebäpli syýahatçylar üçin gapylaryny ýapypdy.

Ýene-de okaň

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri