JEMGYÝET

Hindistan Respublika gününi belleýär

Şu gün Hindistan Respublikasy esasy milli baýramy – Respublika gününi giňden belleýär. Bu baýramçylyk sebäpli ýurtda harby ýöriş geçirildi.

Baýramçylyk dabaralaryna Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind, Premýer-ministri Narendra Modi we ýurduň beýleki ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ýurtda ilkinji gezek Respublika gününiň baýramçylygy 73 ýyl mundan ozal geçilipdi. Üstümizdäki ýylda ýurduň Prespublika gününiň 73 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara paýtagt Nýu-Deliniň merkezindäki Rajpath şaýolunyň ugrunda geçirildi.

Dabaralarda ýurduň dürli medeniýeti hem-de Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümleriniň kuwwaty görkezildi.

Şeýle hem dabaraly harby ýörişde Hindistanda iň gadymy harby düzüm bolan düýeli esgerleriň topary hem dabara gatnaşyjylaryň öňünde geçdi. Düýeli esgerler köp ýyllardan bäri baýramçylyk dabarasynyň harby ýörişiniň esasy düzümleriniň birine öwrüldi.

RESPUBLIKA GÜNI

Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen ýurduň konstitusiýasy güýje girdi. Ýurduň baş kanunynyň güýje girme senesi bolan 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwary Respublika güni hökmünde kabul edildi. Bu senäniň Respublika güni hökmünde kabul edilmegi ýöne ýerden däldir. 1930-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda “Hindistanyň milli kongresi” partiýasy britan imperiýasyndan ýurduň garaşsyzlygyny gazanmak ugrunda göreş alyp barmak barada jarnama kabul edildi.

HINDISTAN-MERKEZI AZIÝA BIRINJI SAMMITI

Däp bolşy ýaly, Hindistanyň hökümeti Respublika gününiň dabaralaryna daşary ýurt döwletlerinden ýokary derejeli myhmanlary hem çagyrýarlar. Şu ýyl bu dabaralara Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde Hindistan-Merkezi Aziýa Birinji Sammitini hem geçirmek meýilleşdirildi.

Ýöne koronawirus ýokanjy we bu ýokanjyň Hindistanda emele gelýän ýagdaýy göz öňünde tutup, Hindistan-Merkezi Aziýa Birinji Sammitini 27-nji ýanwarda sanly ulgam görnüşinde geçirmek meýilleşdirildi.

 

“Dubaý EKSPO”: 11 million adam tomaÅŸa etmäge bardy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler