DÜNÝÄ

Hindistan dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolar

Ýa­kyn gel­jek­de Hin­dis­ta­nyň Hy­taý­dan oz­du­ryp, dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu iki Azi­ýa ýur­du­nyň ila­ty dün­ýä ila­ty­nyň üç­den bi­rin­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. Hy­taý ila­ty­nyň ar­ty­şy­nyň gel­jek ýyl­dan pe­se­lip baş­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ge­çen ýyl bu bu ýurt­da dün­ýä inen bä­bek­le­riň sa­ny 10,6 mil­li­on bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ýurt­da dün­ýä­si­ni tä­ze­län­le­riň sa­nyn­da bi­raz köp bo­lup­dyr. Hin­dis­tan­da hem ça­ga dog­lu­şa soň­ky ýyl­lar­da azal­ýar. Bu ýurt­da 1950-nji ýyl­lar­da her ze­nan ba­şyn­da 5,7 ça­ga düş­ýän bol­sa, hä­zir­ki wagt­da ikä çen­li azal­dy. Hy­taý­da bol­sa, ila­tyň ar­ty­şy iki es­sä çen­li aza­lyp­dyr. Bu ýurt­da 1973-nji ýyl­da her ze­na­na or­ta­ça 2 ça­ga düş­ýän bol­sa, 1983-nji ýyl­da 1,1-e dü­şüp­dir.

Bi­ler­men­ler bu ýag­da­ýyň dur­muş gur­mak ýa­şy­nyň giç bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hin­dis­tan bol­sa, XX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­my­nyň uly bö­le­gin­de ila­tyň ar­ty­şy iki gö­te­rim tö­we­re­gi bo­lup­dyr. Şeý­le hem ölüm muk­da­ry aza­lyp, or­ta­ça ýaş ar­typ­dyr. Hin­dis­ta­nyň ila­ty 1947-nji ýyl­dan bä­ri mil­li­ar­dan gow­rak kö­pe­lip­dir. Bi­ler­men­ler ar­ty­şyň ýe­ne 40 ýyl do­wam et­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýurt­da ýa­şaý­jy­la­ryň gir­de­ji­si­niň art­ma­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­li­me el­ýe­ter­li­li­giň gow­lan­ma­gy ila­tyň art­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bi­ler­men­ler gel­jek ýy­lyň ap­re­lin­de Hin­dis­ta­nyň dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi