JEMGYÝET

Heýkeller hasyly artdyrýan eken

Pasha adasyndaky syrly butlaryň aşagynda hazyna gizlenilipdir diýen pikir asyrlaryň dowamyndan geçip gelýärdi. Şeýle bolansoň, adamlaryň bu heýkellere bolan gyzyklanmasy azalmady.

«Artnet News» arheologlaryň bu butlaryň syryny açmak üçin olaryň ýerleşýän ýerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirendigini habar berdi. Bu işlerde butlaryň beýikliginiň 3 metrden 12 metre çenli ýetýändigi anyklanyldy.

BBC-niň habarlaryna görä, adamlar bu butlaryň diňe sungat eseri hökmünde ýasalandygyna ynanýardylar. Ýöne geçirilen barlag işleri olaryň dikilmeginiň başga maksatlaryny hem orta çykardy.

XI-XVI asyrlarda Aralsk halky wulkanyň golaýynda gurlan bu heýkelleriň ýanynda gök önümleriň we miweleriň has gowulaşandygyny gördi. Soň ýerli ýaşaýjylar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin adanyň dürli ýerlerinde müňden gowrak but ekdiler.

Bu çaklama heýkelleriň golaýyndaky topragy seljerenden soň geologlar we toprak alymlary tarapyndan tassyklandy. Heýkeller bazalt daşyndan ýasalypdyrDaşyň bu görnüşi toprakdaky kalsiniň we fosforyň mukdaryny ýokarlandyrýar. Olar bolsa oba hojalygy üçin esasy gerekli serişdeleriň hataryndadyr.

 

Si Szinpin: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar