BIZNES

Her ýyl iri taslamalara 10 milliard dollar gönükdirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär. Dünýäniň ençem ýurdundan köp sanly wekiliýetleriň onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz gatnaşýan forumyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň, Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kristin Weýgandyň hem gatnaşmagynda geçirilen forumda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyzyň maýa goýum ugry boýunça çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginiň 8 göterimden gowrak bolmagyna garaşylýandygyny belledi.

Türkmenistan iň uly maýa goýumlaryny nebit we gaz pudagynyň ileri tutulýan ugurlary bolan gazyp alynýan hem-de gaýtadan işleýän ugurlaryna gönükdirýär. Käbir ýyllarda maýa goýum derejesi jemi içerki önümiň 45-48 göterimine ýetdi, bu bolsa ýurduň durnukly ösmegine mümkinçilik berdi, diýip ministr belläp geçdi.

Dünýäniň köp ösen ýurtlarynyň ykdysady ösüşine täsir eden global ykdysady çökgünlik şertlerinde-de Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýändigini bellän ministr häzirki wagtda jemi içerki önümiň 22-25 göterimine golaýynyň ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň goýulýandygyny we uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek üçin her ýyl 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak serişde goýberilýändigini aýtdy.

Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik energiýa geçirijisi bar.

 

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişine gatnaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary