TEHNOLOGIÝA

Hem awtobus hem-de otly

Ýaponiýada dünýäniň ilkinji hem awtobus hem-de otly ulagy öndürildi. Ol adaty köçelerde hem-de relsler ýolarda hem hereket edip bilýär.

Bu adaty bolmadyk ulag serişdesi Sikoku adasynda oba ýerinde synag edildi. Ol adaty köçelerde sagatda 100 kilometr tizlige ýetip bilýär. Haçan-da bu awtobus otly stansiýasyna gelende bolsa, adaty relslerde hem kynçylyksyz hereket edip bilýär.

Ulagyň rezin tigiri ýokary galyp, onuň metaldan ýasalan tigir aşak düşüp, relsde hereket edip başlaýar. Ol hem sagatda 60 kilometr tizlikde gidip bolýar.

Bu ulag 21 ýolagçy üçin niýetlenendir we ýöne synag saparynda koronawirus ýokanjy sebäpli ulag 18 adam bilen hereketini amala aşyrdy.

 

Müsür faraonynyň mumiýalanan bedeni öwrenilýär

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi