Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Ajaýyp zamanamyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanyldy.Bu ugurda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda keselleriň öňüni almakda, halkyň saglygyny goramakda, ynsan ömrüni uzaltmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýan ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge niýetlenen binalardyr desgalaryň üstüniň ýetirilip durulmagy halkymyzyň saglygyny berkitmekde zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler oňyn netijelerini berýär. Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär.
Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri wagtynda anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly, ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi. Munuň özi Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýle hem durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyngurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýada beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.
Himiýa pudagynyň lukmançylyk ulgamy bilen berk baglanyşyklydygyny, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler hem aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürmägiň çäklerinde ýod-bromly ýataklary özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, bu önümleriň gorlary hem-de özleşdirilmegi netijesinde, lukmançylyk ulgamynda ýod önümçiligi boýunça gymmatly çig maly öndürmekde degişli işler ýola goýuldy.
Mundan başga-da, bromuň, sulfatyň, kükürdiň, kaliý, natriý ýaly duzlaryň, gazylyp alynýan başga-da ençeme baýlyklaryň gorlarynyň ýeterlik derejede bolmagy ata Watanymyzda bu ugurda hem lukmançylyk babatda täze önümçilikleriň döredilmegine ähli mümkinçilikler berýär.
Mähri Nazarowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina himiýasy kafedrasynyň mugallymy.