DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň kenar welaýatlarynyň häkimleriniň ilkinji duşuşygy Eýranyň demirgazygyndaky Reşt şäherinde geçirildi. “Hazar: Dostluk we sebitleýin ösüş üçin kKöpri” ady bilen geçirilen çärä Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçy we medeni miras ministri Reza Salehi Amiri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçy duşuşykda eden çykyşynda Eýran üçin Hazar deňziniň ähmiýetiniň Pars aýlagynyň ähmiýeti bilen deňdigini belläp, ýurduň Russiýa bilen strategik gatnaşyklaryna hem-de Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky ygrarlylygyny nygtady.
Ol Eýranyň ähli Hazarýaka döwletleri bilen “ajaýyp” gatnaşyk saklaýandygyny hem-de olaryň käbiri bilen strategik hyzmatdaşlyk ýola goýandygyny belledi.
Ýakynda geçirilen we geçiriljek ýokary derejeli saparlara degip geçip, Arakçy Prezident Masud Pezeşkianyň eýýäm Russiýa we Azerbaýjana sapar edendigini, indiki aýda bolsa Gazagystan we Türkmenistana saparyna taýýarlyk görülýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy