JEMGYÝET

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşýar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Eýranyň daşary işler ministri Hoseýn amir Abdollahiýan we Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu gatnaşdy.

Taraplar Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Sergeý Lawrow Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejelere çykandygyny belläp, ony Hazar geňeşini döretmek bilen dowam etdirmek mümkinçiliginiň bardygyny mälim etdi.

Lawrow bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hilini ýokarlandyrmak we onuň halkara-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň Hazar geňeşi forumyny döretmek arkaly ýokarlandyryp boljakdygyny belläp, bu başlangyjy ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ulag-logistika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi