JEMGYÝET

Hazardaky “Dostluk” ýatagy barada gepleşikler geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça gepleşikler geçirilýär. Munuň üçin Azerbaýjan Respublikasyndan wekiliýet Aşgabada geldi.

“Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin döredilen türkmen-azerbaýjan iş toparynyň ýygnagy Aşgabatda geçirilýär.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny geçmek baradaky halkara maslahatda “Dostluk” ýatagynyň senagat taýdan özleşdirilmegi tebigy gazyň günbatar ugry boýunça täze eksport mümkinçiliklerini döretjekdigi bellenilip geçilipdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegine Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasynyň operator bolup hyzmat etmegi taýýardygy mälim edilipdi.

 

Özbek futbolçy “Roma” toparyna geçip biler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi