BIZNES

Hazarda ýük daşamak boýunça ýene bir şertnama baglaşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda Hazar deňzi arkaly ýük daşamagyň Gara we Baltika deňizleriniň kenaryna söwda arkaly çykmaga ýardam berjekdigi barada aýdanlary durmuşa geçýär. Muny «Türkmen Milli Logistik» kompaniýasynyň Gazagystanyň Kuryk deňiz porty bilen şertnama baglaşmagy hem tassyklaýar.

Bu şertnama Ukrainanyň Herson şäherinde geçirilenVII Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň çäginde gol çekildi. Oňa laýyklykda, türkmen kompaniýasy bilen gazak porty Hazar deňzi arkaly ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlyk ederler.

Bu hyzmatdaşlyga forumyň metbugat gullugy we dünýä metbugatynyň birnäçe sahypalary tarapyndan hem ýokary baha berildi.

Şu ýyl Ukrainada geçirilen VII Baltika-Gara deňiz ykdysady forumyna 13 döwletiň wekilleri gatnaşdy. Olaryň arasynda Polşa, Litwa, Gazagystan, Türkmenistan, Türkiýe, Iordaniýa, Bolgariýa, Finlýandiýa, Hindistan, Estoniýa, Eýran, Slowakiýa, Beýik Britaniýa döwletlerinden gelen wekiller bar.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär