DÜNÝÄ

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi

2025-nji ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi.

2010-njy ýylyň noýabrynda, Bakuda geçirilen Üçünji Hazar sammitinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasynda biologik serişdeleri dolandyrmak ulgamyny kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen tarapy degişli taslamany taýýarlady, 2012–2014-nji ýyllar aralygynda bäştaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça bilermenler ylalaşygyň ähli taraplar arkaly makullanan tekstini taýýarladylar. Oňa Astrahanda geçirilen Dördünji Hazar sammitinde gol çekildi we 2016-njy ýylda ol güýje girdi.

Ýokarda agzalan Topar «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» hökümetara ylalaşygyň 10-njy maddasyna laýyklykda döredildi.

Türkmenistan Toparda 2025–2026-njy ýyllarda başlyklyk edýär.

Mejlisiň barşynda taraplar bilelikdäki gorlaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, suw biologik serişdeleri baradaky ylmy barlaglaryň netijeleri, şeýle hem suw biologik serişdelerini goramak we dikeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezligi, balyk tutmagyň diňe ylmy we dikeldiş maksatlary üçin, ylalaşylan sanyň çäginde amala aşyrylmalydygy baradaky çözgüt kabul edildi. Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gambiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy

Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler