SPORT

Hawi resmi taýdan “Barselonanyň” tälimçisi boldy

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ozalky ýarymgoragçysy Hawi Hernandezi bu toparyň baş tälimçisi boldy. Toparyň metbugat gullugynyň habar bermeigne görä, 41 ýaşly hünärmen bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama göz öňünde tutuldy.

Toparyň resmi internet sahypasynda: “Öýüňe hoş geldiň!” diýen ýazgy bilen Hawi Hernandesiň toparyň baş telimçiligine bellendigi resmi taýdna yglan edildi.

8-nji noýabrda, duşenbe güni Hawi “Kam Nou” stadionynda baş tälimçi hökmünde tanyşdyrylar we soňra ol metbugat beýanaty bilen çykyş eder.

Ispan hünärmen 2019-njy ýyldan bäri tälim beriň gelýän Kataryň “Al-Sadd” toparyndaky işini bes etdi.

GÖZ ÝAŞLARY BILEN GIDEN TOPARYNA DOLANDY

2015-nji ýylda “Barselona” toparyny futbolçy hökmünde göz ýaşlary bilen terk eden Hawi gaýtadan özüniň söýgüli toparyna tälimçi hökmünde dolanyp geldi. Onuň hem Hosep Gwardiola ýaly, “Barsleona” toparyny täzeden dünýäniň iň güýçli toparlarynyň hataryna goşmagyna garaşylýar.

“BARSANYŇ” ROWAÝATA ÖWRÜLEN FUTBOLÇYSY: 767 DUŞUŞYK WE 25 KUBOK

Hawi – “Barselona” toparynyň rowaýata öwrülen futbolçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde 767 duşuşykda çykyş edip, rekordy goýupdy. Ony diňe häzrlikçe Lionel Messi (778 duşuşyk) geçdi.

Hawi 17 ýyllyk “Barselona” futbol durmuşyna 25 kubok sygdyrdy. 1998-2015-nji ýyllarda 8 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy hem-de 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny asmana götermegi başardy.

Onuň görkezen netijeleri şeýle:

La Liga: 8 (1998/99, 2004/05, 2005/06, 2008/09, 2009/10, 2010/11, 2012/13 и 2014/15)
Çempionlar Ligasy: 4 (2005/06, 2008/09, 2010/11 и 2014/15)
Ispaniýanyň Kubogy: 3 (2008/09, 2011/12 и 2014/15)
Klublaryň dünýä çempionaty: 2 (2009/10 и 2011/12)
Ýewropanyň Superkubogy: 2 (2009/10 и 2011/12)
Ispaniýanyň Superkubogy: 6 (2005/06, 2006/07, 2009/10, 2010/11, 2011/12 и 2013/14).

 

Türkmen-gyrgyz bilelikdäki gaznany döretmek maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi