Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölüminiň uly zalynda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň fortepiano mugallymy Şemşat Amannepesowa çykyş etdi.
Nury Halmämmedowyň sazyna Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen birnäçe eserleri Atageldi Garyagdyyew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şemşat Amannepesowanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirilen şol aýdymlary tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar.
«Maňa seniň gözleriňden gitme ýok», «Şahyr ýüregi», «Dostlaryma»,«Maraljan», «Ashgabat» atly saz eserleri konsertiň dowamynda tomaşaçylara hödürlenildi. «Şükür bagşy», «Aygytly adim» kinofilmlerinden bölekleri, şeýle-de «Dutaryň owazy» eserini Şemşat Amannepesowa ýekelikde ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garyagdyýewiň we «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» Saragt Babaýewiň halypa kompozitoryň durmuşyndan we döredijiliginden söhbet açýan gyzykly gürrüňleri konserti many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy.
