Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyndaky iň möhüm ugurlaryň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň saglygyny goramakda bu ulgamyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Işleriň netijeli guralmagynda strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dünýä ölçegleriniň derejesine çykaryldy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň diňe 2023-nji ýylyň özünde ýöriteleşdirilen lukmançylyk desgalarynyň 3-sini — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini we Halkara pediatriýa merkezini gurmak barada Kararlara gol çekmegi hem aýdyň subut edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaş raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, asylly işleri amala aşyrýar. Bu gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjegindäki hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.
Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalaryň, milli we döwlet maksatnamalaryň tutuş toplumynyň kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Döwrüň talaplaryna we BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr. Ata Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ösen sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.
«Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaýbaňlanmagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlar bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň dilleriniň senasydyr.
Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Leýli Öwezberdiýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.