BIZNES

Halkara ykdysady forum öz işine başlady

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 25-nji Halkara Peterburg ykdysady forum öz işine başlady. Bu halkara forum 25-nji gezek geçirilýär. “Ekspoforum” sergi merkezinde geçirilýän foruma 90 ýurtdan wekiliýet gatnaşýar.

Bu halkara forumyň esasy mowzugy çalt özgerýän dünýäde täze mümkinçilikleri gözlemekden ybarat. Forumyň çäklerinde geçirilen sergide dürli häzirki zaman tehnologik enjamlar görkezildi.

Halkara forum 4 tematiki ugry öz içine alyp, olarda dünýä ykdysadyýetindäki ösüşler we özgertmeler, durmuş-tehnologiýa ösüşler, adam mümkinçilikleri ýaly ugurlarda çykyşlar diňlenilýär.

Forumda dünýäde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sanlylaşdyrma ugruna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde sanly özbaşdaklyk, maglumat howpsuzlygy we dürli pudaklarda sanlylaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan meseleler “Häzirki zaman tehnologiýasy-adamzat: jogapkärli geljegi döretmek” mowzukly plenar sessiýada hem-de adam kapitalynyň ösdürmek, hünärmenleriň täze iş endikleri we iş üpjünçilik görnüşleri ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleler “Adama maýa goýmak – ösüşe maýa goýmak” mowzukly plenar sessiýada ara alyp maslahatlaşylýar.

Şeýle hem forumda işewür duşuşyklaryna aýratyn orun berilýär. Bu ýerde Afrikanyň, Belarusyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň, Müsüriň, Hindistanyň, Hytaýyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň işewürleriniň duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde kiçi we orta telekeçilik forumy, ýaşlar ykdysady forumy ýaly çäreler hem göz öňünde tutulýar.

 

Dünýäniň iň gymmat brendi

Ýene-de okaň

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär