Her ýylyň 25-nji oktýabrynda bellenilýän Halkara suratkeşler güni bu ugur bilen gyzyklanýanlar üçin hünär baýramçylygydyr. Geçen asyryň beýik suratkeşi Pablo Pikassonyň şol günde dünýä inendigi üçin Halkara suratkeşler gününi 2004-nji ýyldan bäri 25-nji oktýabrda bellemeklik kabul edildi. Bu senede degişli hemaýatkärleriň gurnamagynda surat çekmek, aýdym-saz, sanly sungat ýaly çäreleri özünde jemleýän festiwallar geçirilip, şekillendiriş sungaty muzeýlerine barlyp görülýär. Ol ýerde dünýä meşhur suratkeşleriň ajaýyp eserleri sergilenýär. Ýer togalagynyň ýaşaýjylary üçin şeýle ählumumy dabaralardan başga-da bu sungatyň jemgyýete edýän peýdaly täsirini açyp görkezýän wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.
Suratkeşlik özboluşly hem-de giň ýaýran hünärleriň biridir. Suratkeşiň dünýäsi – daşky tebigata, owadan dünýä düşünmek üçin pikirleriň we duýgularyň dünýäsidir. Şeýle ylhamly dünýäsi bolan suratkeş öz içki dünýäsini öz döredýän eserlerine siňdirýär. Bu sungatyň taryhynda öçmejek yz goýan Pablo Pikasso, Leonardo-da-Winçi, Slawador Dali, Wan Gog ýaly meşhur ägirtleriň eserleri häzirki wagtda hem öz gymmatyny saklaýar.
Oguljeren Hudaýnazarowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby