BIZNES

Halkara sergide 130-dan gowrak şertnama baglaşyldy

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda baky Bitaraplygymyzyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň ýapylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ählisiniň çykyş etmeginde geçirilen dabara degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda işe başlan bu serginiň çäklerinde jemi 130-dan gowrak halkara resminamalara we şertnamalara gol çekildi. Olaryň umumy bahasy 62 million ABŞ dollaryna, 1,5 milliondan gowrak ýewro we 2,5 milliondan gowrak türkmen manadyna barabar boldy.

Gol çekilen resminamalaryň 50-ä golaýy halkara guramalarynyň arasynda bolup, olaryň agramly bölegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen resminamalardyr.

Şertnama baglaşylan taslamalaryň jemi bahasy 82 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, onuň 70,5 million ABŞ dollary türkmen tarapyndan amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň harytlaryny eksporta ýerlemek boýunça jemi bahasy 72,79 million ABŞ dollary bolan 40 sany şertnamalar baglaşyldy.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder