BILIM

Halkara maýa goýum arbitražy: ýokary hünärli hukukçylar taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamak barada alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda ýaş hukukçylara bilim bermek üçin Adalat ministrliginiň teklibi esasynda Bilim ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuwlaryň maksatnamasynyň we meýilnamasynyň taslamalary taýýarlandy.

Hormatly Prezidentimizi hasabaty diňläp, ähli ugular, hususan-da hukuk ulgamy boýunça ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga berilýän ähmiýetiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleriň dowam etmeginiň zerurdygyny belläp, ýaş hukukçylaryň taýýarlamagyň ýokary derejesiniň, olara halkara hukuk bilim berilmeginiň daşary ýurtly maýadarlar bilen ýüze çykýan jedelli meseleleri döwletiň bähbidine çözmäge ýardam etjekdigini belledi.

 

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlandy

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri