“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň adyndan eziz ildeşlerimizi ýurdumyzda hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ilerlemegi dabaralandyrýan taglymatdyr.
Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda 2017-nji ýylda kabul eden taryhy Kararnamasy bolsa, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri üçin nusgalyk ýagdaýa eýe bolandygyny ykrar etdi.
