JEMGYÝET

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 276 raýatyň günäsi geçildi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boatmak ýaly sahawatly işleriň geçirilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek bilen baglanyşykly Permana gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 sany raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilen 736 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekipdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi