Esasy halkara awiakompaniýalaryň köpüsi, “5G” tehnologiýasyna geçiş döwründe ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler sebäpli ABŞ-nyň käbir uçuşlaryna düzedişler girizdi.Howa ýollary kompaniýalary ABŞ-da “5G” tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagynyň uçarda tehniki kynçylyklara sebäp bolup biljekdiginden gorkup, uçuşlaryny ýatyrdylar ýa-da uçar modellerini üýtgetdiler.“Emirates”, “Air India”, “All Nippon Airways”, “Japan Airlines”, “Lufthansa” we “British Airways” ýaly kompaniýalar “5G” näbelliligine salgylanyp, käbir uçuşlara üýtgeşme girizýändiklerini habar berdiler. Käbir awiakompaniýalar uçuşlary togtatsa, käbirleri tehniki kynçylyklara duçar boljak “Boeing 777” kysymly uçarlaryň uçuşlaryny togtatdylar. “Virgin Atlantic” we “Air France-KLM” ýaly käbir awiakompaniýalar uçuşlary ýatyrmaýandyklaryny, ýöne ýagdaýa gözegçilik edýändiklerini mälim etdiler.
ABŞ-nyň iň uly telefon kompaniýalarynyň biri bolan “AT&T” we “Verizon” 5-nji ýanwara çenli “C-band” -dan “5G” tehnologiýasyny durmuşa geçirmegi maksat edinýärdiler.Federal awiasiýa administrasiýasynyň (FAA) haýyşy boýunça kompaniýalar 4-nji ýanwarda “5G” tehnologiýasyna geçmegi 2 hepde yza süýşürendiklerini habar berdiler.“AT&T” kompaniýasynyň beren beýanynda: “Awiasiýa howpsuzlygy we 5G bilelikde ýaşap biljekdigini bilýäris. Has köp hyzmatdaşlygyň we tehniki pikirleriň ähli meseleleri çözjekdigine ynanýarys” -diýdi.2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda dünýäniň iň uly uçar öndürijisi “Boeing” we “Airbus” kompaniýalarynyň baş direktorlary ABŞ-nyň transport senagatynyň sekretary Pit Buttigiege “5G” telefon hyzmaty meselesinde bilelikde gol çekilen hat iberip, munuň awiasiýa uly zyýan ýetirip biljekdigini duýdurypdy. Bu hatda “5G” tehnologiýasynyň uçarlaryň howpsuz işlemek ukybyna ýaramaz täsir etjekdigi öňe sürüldi we “5G tehnologiýasyna geçişi yza süýşürmek” çagyryşy edildi. Beýleki tarapdan, “5G” tehnologiýasyna geçmegi goldaýan pudakdaky toparlar awiasiýa pudagyny “gorkuzmakda we faktlary ýoýmakda” günäkärledi we bu tehnologiýa geçmegi gijikdirmegiň ykdysadyýetde 10 milliard dollar ýitgi çekjekdigini duýdurdy.ABŞ-nyň esasy awiakompaniýalary “5G” tehnologiýasynyň howa gatnawynda bulam-bujarlyk döredip biljekdigini duýdurdylar.Awiasiýa pudagynda köp sanly kompaniýanyň ýolbaşçylary, şol sanda Amerikan howa ýollary, “United Airlines”, “Southwest Airlines” we “Delta Air Lines”, “5G”-iň howa gatnawy babatynda döredip biljek howpy barada bilelikdäki hata gol çekdiler. Şeýle hem yza çekilmelerden soň, “Verizon” we “AT&T” howa menzilleriniň golaýyndaky käbir esasy stansiýalarda “5G” tehnologiýasyna geçmegi togtatmak kararyna geldiler.