JEMGYÝET

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredileninden bäri geçen 11 ýylyň içinde köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 36 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 191-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olar atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlaryny gurup, ulanmaga berildi.

Behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu çäreler ady äleme dolan atlarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Şu ýyl biz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Ahal we Mary welaýatlarynda geçirmek meýilleşdirildi.

Şu ýylyň 19-25-nji apreli aralygynda goşa baýramçylyk – Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreler guralar.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtlardaky agzalaryna söz berildi. Olar onlaýn tertipde bu mejlisde çykyş etdiler. Hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, kanadaly Tito Pontekaro hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, russiýaly Mariýa Mosara dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanda atçylyk pudagynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini belledi.

 

Serdar Berdimuhamedow täze wezipä saýlandy

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi