SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara adaty gatnawlarda karantin düzgüni

Mälim boşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz tarapyndan hem 2 ýyla gowrak wagtdan soňra koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlary täzeden ýola goýlup başlandy. Düýn ilkinji adaty halkara uçar gatnawy Aşgabat-Dubaý ugry boýunça amala aşyryldy.

Ine, ertir bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine adaty halkara uçar gatnawy amala aşyrylar.

Halkara gatnawlaryndan peýdalanýan raýatlary gyzyklandyrýan sowallaryň ýene-de bir karantin çäreleridir. Bu gatnawlardan peýdalanýanlar üçin karantin şertleri nähili bolýar?

Bu sowalyň jogaby şeýleräk…

Adaty uçar gatnawlardan gelen, ýagny Kazandan we Dubaýdan gelýän ýolagçylar üçin 7 günlük öý şertlerinde karantin göz öňünde tutulýar. Bu hem koronawirus pandemiýasy bilen bagly dünýädäki durnuklaşýan epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň 7 gün karantin düzgünlerini öý şertlerinde berjäý etmegi göz öňünde tutuldy.

Dubaýdan gelen ýolagçylar 3 gezek çaltlandyrylan ýagny, tiz test netijelerine göre öýlerine gaýtdylar.

 

 

Aşgabatdan Dubaýa uçar gatnawy amala aşyryldy

Related posts

TMCELL-den örtük dakynmak habarnamasy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Ata Watan Eserleri

“Demirýollary” AGPJ: onlaýn bilet almak üçin köp soralýan sowallaryň jogaby

Ata Watan Eserleri