SPORT

Halk Türkiýede oýnar

Bir döwürler Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Ýewropanyň futbol toparlarynyň esasy futbolçylarynyň biri bolan Halk futbol karýerasyny Türkiýede dowam eder. Türkiýäniň ýokary ligasyndaky “Adana Demirspor” topary Halk bilen şertnama baglaşar.

Türk topary Halkyň häzirki wagtda çykyş edýän “Atletiko Mineýro” topary bilen ylalaşyk gazandy. Asyl ady Žiwanildu Wieýra de Souza bolan, ýöne Halk ady bilen tanalýan brazil futbolçy gyşky transfer döwründe Türkiýä geler.

Halk Braziliýanyň “Atletiko Mineýro” topary bilen 46 duşuşykda oýnady. Brazil futbolçy bu oýnan döwründe 29 gezek tapawutlandy.

Braziliýanyň “San-Paulo” we “Witoriýa” toparlarynyň düzüminde kämilleşen Halk Portugaliýanyň “Porto” toparynyň düzüminde çykyş eden döwründe has-da meşhur boldy. Ol şondna soňra Russiýanyň “Zenit” toparyna geçdi. 2016-njy ýylda Hytaýyň “Şanhaý SIPG” toparyna transfer boldy.

2021-nji ýylda bolsa, häzirki wagtda çykyş edýän “Atletiko Mineýro” toparyna geçdi.

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”