JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumyna baryp gördi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy. Şeýle-de toplumyň howlusynda öndürilýän enjamlaryň we önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Senagat toplumynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde nebit-himiýa, elektroenergetika ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. EYR-nyň bu iri senagat toplumy bu ugurda Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygy duşuşykda bellenildi. Häzir bu toplumyň garamagynda 77 sany şereket hereket edýär.

Şeýle-de söwda gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda senagat taýdan ösen döwlet bolmak bilen, häzirki wagtda önümçilik kuwwatlyklary barha artýar. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň çäginde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň üsti bilen eksport-import mümkinçilikleri ýokarlanýar.
Ýurdumyzda öndürilýän önümler dünýä bazarlarynda, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynda uly islegden peýdalanýar. Şunlukda, iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, söwda ulgamynda ozaldan gelýän ylalaşyklar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň senagat toplumynyň sergisine aýlanyp görmegi we tanyşmagy hem eýran önüm öndürijileriň öz önümleri bilen türkmen bazarynda ornuny berkitmäge uly mümkinçilik bolar. Munuň özi bolsa, ikitaraplaýyn söwda we beýleki ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly itergi berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy