JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, Saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göres gullugy binasynyň, “Saglyk” seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäherniň Baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklaryna, lukmançylyk edaralarynyň klasterine degişli nyşanlaryň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalar bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşleri, aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalar, toplumyň binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Toplumyň binalarynyň içki bezegi bu ýerde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine kybap gelmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we barada birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.

Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna toplumyň binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäginde bar bolan gök zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalarynyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan taslamalar hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly çyzgylar görkezildi. Olaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenen birnäçe athananyň, toplumyň ot-iým bilen üpjünçiliginde ähmiýetli bolan täze ammarlaryň ýapyk manežiň taslamasy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar