DÜNÝÄ

Halk Maslahaty: ykdysady ösüşler sanlarda

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllardynda gazanan ykdysady üstünlikleri barada durup geçdi.

Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan käbir sanlary dykgatyňyza ýetirýäris.

  • Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi.
  • Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.
  • Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar.
  •  Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi.
  • Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy.
  • Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalar amala aşyryldy.
  • Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
  • Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy.
  • Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
  • Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
  • Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy.
  • «Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly» derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»