JEMGYÝET

Halaçda täsin haly dokaldy

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylary ýene bir täsin halyny tamamladylar. Bu ýerde atyň naly görnüşindäki ýarym tegelek halyny dokamak işleri doly gutardy.

Meýdany 31,86 inedördül metr bolan bu üýtgeşik halyny ussat halyçy Jennet Rozyýewanyň ýolbaşçylygynda jemi 20 halyçy dokady. Halynyň daşy bilen alnanda, diametri 7 metr 80 santimetr bolup, içiniň diametri 4,5 metre deňdir. Ýerligi al-gyzyl reňkde bolan halynyň jemi üç hatarynda 135 göl ýerleşýär. Gölleriň töweregini gurşap alan nagyşlar, göýä, jähek ýaly bolup, hala özboluşly gelşik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu kärhananyň halyçylary trapesiýa görnüşli halylary dokamakda hem baý tejribe topladylar. Olaryň ýiti zehininden we uçursyz ezberliginden dörän eserleriň köp sanlysy döwlet bäsleşikleriniň hem ýeňijisi boldy. Halaçda dokalan halylara dünýä bazarynda hem isleg ýokary.

Related posts

Täze awtobuslar aşgabatlylaryň hyzmatynda

Ata Watan Eserleri

Germaniýa Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirdi

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy 19-njy ýanwar

Ata Watan Eserleri