JEMGYÝET

Gyz bilen oglanyň arasyndaky duşuşyk hakda

Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen bir gyzyň arasynda duşuşyk gurnaýar. Ejesiniň teklipleri bilen razylaşan Lýu, näbelli bir gyz bilen restorana nahara gidýär we “jentelmenlik” hökmünde restoranyň tölegini öz üstüne alýar. Emma bu duşuşykda geň waka bolup geçýär.

Bu duşuşyga gyz ýeke özi gelmeýär. Ol hem tanyşmak isleýän oglanyň jomartlygyny, sahylygyny barlap görmek isleýär. Şol sebäpli bu duşuşyga  özüniň doganlary we dostlary bilen  23 adam bolup gelýär.

Gyzyň köp adamly gelmegi oglany geň galdyrýar. Gyz we onun ýakyn dost-ýarlary restoranyň tagamnamasyndan iň gymmat naharlary saýlap sargyt edýärler. Oglan göz öňünde bolup geçýän wakalardan derrew netije çykaryp, haýal etmän restorany gizlinçe terk etmegi ýüregine würýär we şeýle hem edýär.

Netijede, gyzyň restoranda sargyt edilen tagamlaryň tölegini özi etmeli bolýar. Bu töleg 3 müň dollara barabar bolar. Bu bolan waka barada “Taizhou Evening News” ýerli metbugaty habar berýär. Oňa salgylanyp, bu habary “Daily Mail” neşiri hem okyjylaryna ýetirýär.

 

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi