JEMGYÝET

“Gyşyň güni kyrk tüýsli” diýleni boldy

Gyş paslynyň tamamlanýan günleri ildeşlerimize garaşylmadyk gar sowgadyny getirdi. Bu hem ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly, «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni boldy.

Birnäçe gün mundan ozal, Gün lowurdap, howalar maýlady. Araçlar pyntyklady. Köçelerde erik agaçlarynyň gülleýän pursatlaryna gabat geldik. Köpümiz diýen ýaly, gyş gutardy, ýaz geldi diýen bolmaly.

Umuman, alanyňda, fewral aýy gaty bir sowuk hem bolmady. Ýöne aýyň ahyrlap barýan günlerinde owunjaklap ýagýan gar hemmeler üçin hem ýakymly ýatlama hem-de garaşylmadyk waka boldy.

Metbugat sahypalarynda bellenilip geçilişi ýaly, ata-babalarymyz gyş paslyny dört bölege bölüpdirler.  22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Ahyrky garagyş hem 6-21-nji fewral aralygynda dowam edýän döwürdir. Ata-babalarymyz gyş paslynyň tamamlanmagyny 22-nji fewralda «Togsan doldy» diýip, belläpdirler.

Gyşyň gar-ýagşynyň toprak üçin zerurlykdygy, eger-de gyşda gar-ýagyş ýagmasa, onda ýazda berekediň hem bolmajakdygy hem ýatlanylýar.

Aşgabadyň ak gary

 Begres bolup bal getirýän baglara,

Duman dolup derelere-daglara,

Salam ýollap alabahar, ýazlara,

Ýagýar-ýagýar Aşgabadyň ak gary.

***

Ak sähere beslenende gözýetim,

Ak şähere arzuwlarym sözledim,

Tämiz damjalardan şygyr gözledim,

Ylham paýlar Aşgabadyň ak gary.

***

Duýgulara dolanynda dideler,

Mundan özge gözelligi idemen,

Ter damjalar bir-birinden tijener,

Kalba ýaýrar Aşgabadyň ak gary.

***

Aýdan alan ýaly nurana keşbin,

Artdyrar aşyklaň ýürekde yşkyn,

Aklygy alnyna sylyplar geçiň!

Bagta barýar Aşgabadyň ak gary.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

24.02.2021.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi