Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Gyrgyz Respublikasynyň 2027–2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgär görkezilmegine bagyşlanan brifing geçirdi. Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowyň gurnamagynda geçirilen brifinde yerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Şeýle hem brifinge Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyňýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozelow, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Malaýziýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Belarusyň we beýleki döwletleriň ilçileri gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan brifinginde Gyrgyz Respublikasynyň ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň 2017-nji ýylda 2027–2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgär bolandygyny belläp, 2026-njy ýylyň iýun aýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde saýlawlaryň geçiriljekdigini beleldi.
Ilçi eýýäm Gyrgyzystanyň bu başlangyjy goldan ýurtlara özüniň minnetdarlygyny bildirip, beýleki döwletlere hem bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.
Gyrgyz ilçisi Gyrgyzstan Merkezi Aziýa wekilçilik edip, Howpsuzlyk Geňeşinde sebitleýin gün tertibini ilerlemegine goşant goşjakdygyny aýtdy.
– Sonky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitleýin durnuklylygy berkitmekde möhüm üstünliklere eýe boldy, hususan-da Gyrgyzstan, Özbegistan we Täjigistan arasynda serhet meseleleriniň kadalaşdyrylmagy babatda netijeli ylalaşyklar gazanyldy. Sebit meseleleriň parahatçylykly hem-de döredijilikli ýol bilen çözmäge, gepleşikler geçirmäge, ynamy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezdi. Bu ýagdaý sebitiň döwletleriniň özara hormat we jogapkärçilik esasynda durnukly hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny görkezýär – diýip, ilçi belledi.

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi häzirki wagtda Gyrgyzstan hem-de başga 60-dan gowrak döwletiň bu Geňeşiň düzümine entäk saýlanmandygyny belläp, has adalatly we deň derejeli wekilçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
– Ösüp barýan ýurtlar Howpsuzlyk Geňeşinde ýeterlik derejede wekilçilik edilmeýär. Afrikaly, aziýaly we latin-amerikaly döwletleriň gatnaşygynyň giňeldilmegi karar kabul etmek işini has inklýuziw edip, halkara jemgyýetçiliginiň ähli gatnaşyjylarynyň bähbitlerini has doly açyp görkezmäge mümkinçilik berer diýip, ilçi belledi.
Şeýle hem gyrgyz ilçisi daglyk ýurt hökmünde Gyrgyzstanyň howanyň üýtgemegi, buzluklaryň eremegi, biodürlüligiň gorap saklanylmagy ýaly ugurlar bilen bir hatarda Howpsuzlyk Geňeşiniň ünsüni şu agzalýan ugurlara çekmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Mundan başga-da, ilçi Merkezi Aziýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň işine işjeň gatnaşmak üçin zerur mümkinçiliklere hem-de tejribä eýedigini belledi.
Brifingde Gyrgyzystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanýan üstünliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.
