SPORT

Gwardiola üçin täze teklip

Meşhur ispan tälimçisi Hospe Gwardiola üçin Angliýanyň “Mançester Siti” topary täze şertnama hödürledi. Bu barada “Nýu Ýork Taýms” gazeti habar berýär.

Täze şertnama 1+1 görnüşinde bolup, şertnamanyň möhleti bir ýyl bolup, ýene-de bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bardyr. Ispan hünärmeniň häzirki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar.

53 ýaşyndaky Gwardiola “Mançester Siti” toparyna 2016/2017-nji ýyldan bäri tälim berip gelýär. Şol döwürde bu topar 6 gezek Angliýanyň çempiony boldy, 2 gezek Angliýanyň kubogyny, 4 gezek Liganyň kubogyny, 3 gezek Angliýanyň Superkubogyny gazandy.

2023-nji ýylda Gwardiolanyň “Mançester Siti” topary bir möwsümde 4 kubogy ýagny, Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we toparlaryň dünýä çempionatynyň kubogyny hem-de Angliýanyň çempionlyk kubogyny gazandy.

Ispan tälimçi mundan ozal, Ispaniýanyň “Barselona” hem-de Germaniýanyň “Bawariýa” toparlaryna tälim beripdi.

Gwardiola futbolçy hökmünde Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen 6 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. 1992-nji ýylda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Olimpiýa çempiony boldy.

Gwardiola Halkara futbol federasiýasy tarapyndan 3 gezek “Ýylyň iň gowy tälimçisi” baýragyna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri