BIZNES

Gurluşyk-senagat toplumy: 3,976 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar özleşdiriler

Şu ýyl şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanda täze taryhy döwürde ýetilen sepgitler durmuş-ykdysady maksatnamalary we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň her ýylky möçberiniň artmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Fewral aýynda tassyklanylan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, gurluşyk-senagat toplumy boýunça şu ýyl garaşylýan maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard 976 million manatdan gowrak bolar.

Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda gurluşyk serişdelerini, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileriň işjeň çekilmegine ýardam berýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi, ýurdumyzyň işewürlerine döwlet tarapyndan netijeli goldaw berilmegi bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini hem şertlendirýär.

Häzirki wagtda gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek, senagatlaşdyrmak, senagat we ulag düzümini ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Soňky ýyllardaky köp sanly taslamalaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny bellemelidiris.

Ulag ulgamynyň düzümlerini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.  2025-nji ýylda Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işlerini dowam etdirmäge düýpli maýa goýumlar gönükdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar