ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbannazar Atakgaýew: garramadyk göwün

Arada wäşi artist Tagan Saryýewiň (Annam brigadyň) gyzy Gülnar: «Gurban dädem (Gurbannazar Atakgaýew) «Sen at ýylynda doglan» diýip, dürli görnüşli ösümlikleriň tohumyndan matanyň ýüzüne ýelimläp, atyň suratyny çekip doglan günüme sowgat beripdi. Ol şonda: «Men dünýeden gaýdamsoň, bu suratdaky atyň şekiliniň reňki solar» diýipdi. Haýran galdym, hakykatdanam Gurban dädem ýogaldy welin, onuň şol aýdyşy ýaly sowgat beren suratyndaky atyň reňki soldy» diýip gürrüň berdi. Şu hili ýagdaý mende-de gabat geldi.

«Poşalak aga» lakamy bilen tanalýan artist Gurbannazar Atakgaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlamak üçin olaryň maşgala ojagynda üç gezek myhmançylykda bolupdym. Köpi gören halypa artistiň ikinji gezek öýlerine baranymda ol surat çekýän ussahanasyna aýlap, döreden eserleri bilen tanyşdyrypdy. Köptaraply zehinli artistiň suratkeşlik ukybynyň barlygyny şonda bilip galdym. Ol şo gezek maňa-da edil Gülnara beren sowgady ýaly suraty sowgat beripdi. «Sen ýöne bir döredijilik adamy dälsiň. Halypamyz Aşyrberdi Kürtüň jigisidigiňi, ýadyňdan çykarmagyn.Toý-tomgy edeniň-de Juma Ýazmyrat ikimizi çagyrmagy unudaýmagyn. Agaň bilen öňden gelýän gatnaşygymyz ýitmesin!» diýip tabşyrdy.Onuň sowgat beren suratynda göz monjuk dakylan alaja ýaly keşp şekillendirilendi. Daşy haşamlanan çarçuwaly ol suraty öňki öýümiň diwaryndan birnäçe ýyllap asyp goýdum. Soň täze jaýa göçüp gelenimde-de, surat şol bir durkuny saklap durdy.

Ine, bir günem daň bilen öýümize «Poşalak aga ýogaldy» diýen habar geldi. Haýdap ir bilen ýola çykdyk. Ýoldaşym taksi saklap olaryň ýaşaýan köçesiniň salgysyny aýtdy welin, sürüji: «Poşalak agalaň töweregine barýaňyzmy?» diýip sorady. Ýoldaşym: «Hawa, şo pahyr dünýeden gaýdypdyr, ugradylmanka şoňa barýas» diýdi welin, sürüji ýylgyryp, onuň degişme sahnalaryndan gürrüň berip başlady. Nädip barmaly ýerimize ýetenimizem duýman galdyk. Ulagdan düşjek bolanymyzda ol: « Wah-eý, Poşalak aga, il-güne gülki paýlap gidiberipsiň-ow» diýip, gamgyn ses bilen pyşyrdady. Soňra-da: «Bagyşlaň, «Poşalak aga» halkyň ýüreginde gülküli keşpleri bilen galansoň, onuň ýogalanyna birbada ynanasym gelmedi» diýip başyny ýaýkady.

Ulagdan düşenimizden gölegçiniň eýýäm ugrandygyny aýtdylar. Olaryň derwezesinden girjek bolanymda bir mahal söhbetdeşlige baranymdaky pursat ýadyma düşdi. Şonda «Hormatly dynç alyşdaky ýaşuludyr. Aýal maşgala bolup, hakyky adyny tutaýyn. Ýogsa gelşiksiz bolar» diýip, ýolboýy içimden «Gurbannazar aga» diýip, gaýtalap bardym. Emma öýlerine girenimden:

— Salamälik, Poşalak aga! — diýipdirin. Şo bada-da müýnli ýaly sag elimiň aýasy bilen agzymy ýapyp, «Wiý, bagyşlaň, Gurbannazar aga» diýip ýüzüne seretdim. Pahyr:(Gülüp).

—Ol adym hakyky adymdan ýörgün-lä, gyzym. Iki gezek Mekge-Medinä gidip, Haç parzymy berjaý edip geldim. Metjide baramda-da «Poşalak aga» diýip ýüzlenýärler — diýipdi. Şonda ondan bu adyňyz nämeden galdy?— diýip soradym.

— Magtymguly Myşşyýew «Poşalak hem Annam brigat» atly iki sany aýry sahna ýazdy. Okap gördüm-de:

— Şu ikisini birleşdirip, bir sahna döretmeli — diýip, pikirimi aýtdym. Şeýdibem, awtor bu eseri täzeden birikdirip ýazdy. Ýadyňyza düşýän bolsa Annam brigat:

— «Bir günlük bolsamam, bir sagatlyk bolsamam, Annam brigadyň kimdigini gözüňize görkezerin» diýýändir. Soň, «Annam brigadyň şahyr bolşy», aý garaz, şeýdip, degişme sahnalarymyzyň yzy köpeliberdi. Ýazyjylar Güjükdurdy Çolukow, Gurbangylyç Hydyrow, Magtymguly Myşşyýew, Aşyrberdi Kürt yzyny dowam etdirdiler. Bu  halypalaryň eserlerini gaty kän sahnalarda oýnandyrys» diýip gürrüň berdi. Şol wagt oňa ýaňky sahnadaky: «Şu gün şolarda birä köpeljek bolýar öýdýän» diýip, garawul bolşuňyz göz öňüme geldi. Garawullygyňyza göwni ýeten borly. Gelnejem öýe garawul edip «işe» belläýen ýaly» diýdim. Ol:

— 1994-nji ýylda hormatly dynç alşa çykmalydym. Ýöne Juma Ýazmyrat bilen bile çykaýyn, olam menden dört ýaş kiçi — diýip garaşdym. Görsem, onuň ýaşy ýetmän geçdi. Onsoň 1997-de ýeke özüm çykaýdym. Ýöne, öýde diňe garawul bolýandyr öýdäýmäň. Köplenç harby bölümlere duşuşyga çagyrýarlar. Harbylaryň arasynda Watany söýmek, halkyňa, wepalylyk barada ündew çärelerini geçirýäris. Gürrüňçiligiň arasynda «Degişmäniň üsti bilen jogapkärçiligi duýsunlar» diýip, gülküli sahnalary oýnaýas, degişme aýdýarys. Mekdebe-de çagyrýarlar. Toý-tomgy diýibem çagyraýýarlar. Halkymyz «Sen» diýip gereklese, zähmetimizi gaýgyramyzok. Biz — halkyň adamsy. 1989-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar bilen sylaglandym. Şeýle uly ynamdan soň halkdan, Watanyňdan zähmetiňi aýap bolmaz.Täze ýyla «Mawy yşk» taýýarlamalydyk. Režissýoram özümdim. Şonda sahna taýýarlamak üçin gaplaňyň demir gözenegine girdim. Bir hepde öňünden gaplaňy sirkde oýnadýan bilen häli-şindi gaplaňa nahar berip, arkasyndan sypalap özüme öwrenişdirdim. Soňam ýaýlyma ýazga düşdüm. Kärdeşlerim gaty gorkdular. «Nädip ýürek edip gaplaňyň gözenegine girdiň. Başgarak edibem surata alyp bolar-a» diýdiler. «Men janawere ynanýan-a, nädip bu maňa ynanmasyn» diýsem geň galdylar. Diýjek bolýanym, il-günümiň, döwletimiziň sylagy maňa bildirilen ynam ahyry! — diýip gürrüň berdi. Oňa «Mylly aga» atly radiooýnuňyz bardy?!Şo hakynda-da aýdyp berjek gürrüňleriňizi diňläsim gelýär-dä— diýdim.

— Men şu keşbi kyn görüp, almajak boldum. Sebäbi gülküli sahnalary oýnap ýören adama o keşbiň ýeňil düşmejegini bilýän-dä. Onsoň Juma Ýazmyrat:

— Sen näm-ow, Poşalakdan başlap, Marksa çenli keşp döretdiň. Şu keşbem sen oňararsyň — diýip, ynam döretdi. Bu keşbi gaýta-gaýta taýýarladym. Režissýoryň göwnünden turanok. Ahyry režissýor:

— Sen bilýäňmi? Mylly aga agras, sypaýy adam. Gürrüňinde okadýan okuwçylaryny dagy «balam, çagam» diýip arkasyndan sypap duran ýaly bolmaly — diýip düşündirdi. «Keşp ahyrsoňy ýerine düşdi» diýdiler.

Ýagmyr Nurgeldiden, Çary Täçmämmetden «Siz «Humaralany» çalýaňyzmy?» diýip soradym. Olar «Çalýas. Ýöne efirde çalamyzok» diýdiler. Aýmämmet Aşyra: «Saz öwreneniňizde «Humaralany» öwrenseň bolmaýarmy? diýdim. Ol: «Öwrendik. Özümiz üçin çalýas. Ýöne köpçülikde çalamyzok» diýdi. Ol Mylly aganyň okuwçysy bolan. Diýjek bolýanym, Mylly aganyň beýikligini şeýdip düşündirýärler. Ýogsa, Ýagmyryň «Bu jennetdiri», Çarynyň «Ýandymy» nähili şirin sazlar» diýip, biri-birinden täsirli gürrüňleri berdi.

— «Poşalak aga»Akmyrat Bäşim pahyr bilenem-ä gysgajyk sahnalaryňyz bardy?Şular dogrusynda nämeler aýdarsyňyz?— diýenimden, ol säginmän gürrüňini dowam etdi.

— Şolaryň birinde men-ä edara ýolbaşçysy. Akmyradam işgärim bolup oýnaýar. Keşp paýlanýar welin, Akmyrada berlen şol keşbi alýan ýok. Gysga sahna, sözsüz keşp, her kim guýa gaçaýjak ýaly. Režissýor Hommat Kakajanowdy. Men oňa: «Şu keşbi Akmyrada ber»  diýdim. Ol:

— Sözi ýok diýip, olam zyňarda — diýdi: — Bu kino dublýaž dälä. Sözsüzem bolsa sahnadaky çykyşyňa tölenýär-ä — diýip çykdy. Ahyry, şo sahnanyň ýazgysyny Akmyrada berip:

— Şundan haýsy keşbi aljak? — diýdik. Okap gördi-de:

— Özüňiz haýsyny maňa niýetlediňiz? — diýip sorady.

Pikirimizi aýdanymyzda «Hah-hah» edip güldi-de, ylalaşdy.

Soň öz aramyzda maslahatlaşdyk. Sahnanyň bir ýeri bardy, ony özümiz tapdyk. «Režissýora bildirmän, stoluň üstündäki dökülen suwy, başlykdan gizlin süpür» diýip öwretdim. Akmyrat bolsa, gaýta başlyga görkezip, stoluň üstüni ýeňiniň syny bilen süpürip ugrandan gyzyl-gyran gülşüp, walla, şu ýeri  ýerine düşdi diýdiler. Ine, bu Akmyradyň artistlik ussatlygy.

— Başlyk bolan keşbiňizde işgäriňize gaharlanyşyňyzy gördük. Ýöne gaharjaňa meňzäňizok. Durmuşda gaty gaharyňyz gelen pursatlaryňyzdan ýekejesini ýatlaýsaňyz?! — diýip ýene sowal berdim.

— Bir gezek Türkmenabada gitdim. Birgiden etraplara aýlanyp, dürli edaralarda işläp ýören ýiti zehinleri tapdym. Olaryň içinde pagtaçy-da, bakja bagynyň işgäri-de, mekdep okuwçylary-da bardy. Garaz, şularyň içinden degişmä ussatlary tapyp, birgiden degişme sahnalaryň ýazgysyny taýýarladym. Halkyň içindäki zehinli adamlaryň känligine begenip, ýazgyny teleýaýlyma tabşyrdym. Emma ýaş kadrlaryň biri, efire taýýar ýazgymyzyň üstüne başga ýazgy ýazaýypdyr. Şeýdibem, on bäş gün gatnap ýygnan sahnalarymy ýeke günde ýok edipdir. Şonda gaty gaharym geldi. Ýok, men öz azabyma gynanamok. Näçe adam işini goýup, taýýarlyk gördi. Işiňe ünsli, seresabrak bolmaly ahyry!

«Ili güldürmek üçin, uzyn gije ýorganyň aşagynda aglamaly bolýar» diýýärler. Gülki — iň kyn ugur. Daşogzuň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet öýünde Uzak Magtymgulyýew diýen zehinli režissýor ýigit bar. Ine, şol Annam brigadyň edil özi diýen ýaly. Güýçli zehini bar. Şol maňa:

— Halypa! Nädip sahnany kämil oýnaýaň? — diýip, sorag berýär.

Men aýdýan: «Uzak jan! Hiç wagt özüňe tomaşaçy bolma. Sahna oýnaýan pursadyň «Tomaşaçy meni nähili garşylaýarka?» diýen pikir bolmaly däl. Sahnany on görnüş taýýarlap, iň gowusyny halka hödürle». Kä ýarym topary bilen çykyşa gelse, salama gelýär. Diňläp hezil edýän. Sahnanyň başlangyjy, hasyly bolmaly. Ine, men şu wagt bir zady ýatlaýyn. Öňki Leningradda /Sankt-Peterburgda/ režissýorlyk ugrundan okadym. Synagda üç sany etýud düşdi. Her soragda bir söz bar. Şondan birikdirip, sahna döretmeli boldy. Birinjisi un. Ikinjisi maşgala albomy. Üçünjisi ýangyn. Wagtam golaýlap barýar. Ahyry, «Başarmasam bilmesem çykyp giderin-dä» diýip otyrdym. Birden toparyň başlygy: «Atakgaýew! Taýynmy?» diýeninden, «Hawa» diýäýipdirin.

— Gel onda, aýt! — diýdiler. Hernä şo wagt niredendir kelläme pikir geldi. Berdimuhammet Gulowyň «Gadyrdan goňşy» diýen satirik sahnasyny Baba Annanow bilen oýnapdyk. Şo ýadyma düşüp, oturanlardan bir torba un soraýan. Ondanam börek taýýarlaýan. Şo barmana-da maşgala albomyna gözüm düşýär. Alboma seredip, ene-atamy göz öňüme getirip, gamgyn ýagdaýda çilim çeken bolýan. Birdenem, böregiň suwunyň gaýnap duranyny görýän. Böregi gazana ataýyn diýibem, çilimi bijaý goýýan. Olam alboma ot düşüp, ýangyn döreýär. Şeýdibem, «bäşlik» baha mynasyp boldum. Ana, güýçli zehinleriň täsiri nähili bolýar.

Onsoň ýene bir zat aýdaýyn. Käbir ýagdaýda «Ýazyjy eseriň sözlerini güýçli ýazaýsa» diýýänem tapylýar. Ýöne muny diýmek artist üçin nädogry. Sebäbi ýazyjy eseriň özenini tapsa ýeterlik. Agzyňa çörek berlensoň çeýnäp, tagamyny özüň duýjak bolmaly.

Artist eseri özüniňki ýaly edip ýerine ýetirmese, tomaşaçy kabul etmeýär. Ynanmaýaram. Onsoň ýene bir zat, şol bir eseri her artist özüçe ösdürýär. Başarnygyça ýerine ýetirýär. Şonuň üçin, käbir ýagdaýda, şol bir degişme telim görnüşde gaýtalanýar.

Bir gezek halypa ýazyjy Gurbangylyç Hydyrowyň bir eserini sahna etdik. Muny haly bezän ýaly bezedik. Onsoň ýazyjy: «Siz muny nädäýipsiňiz? Ösdürip mende zat goýmansyňyz-a» diýdi. Menem:

— Arkaýyn bol, halypa! Näderejede ösdüremizde-de, düýbi siziňkidir — diýdim. Sebäbi düýbüni tapmasak, ösdürip bilmeris ahyry. Ana, bize awtoryň şeýle bahasy gerek, razylygy gerek. Artist üçin eser şonda ýerine düşýär.

Artistlik kärimiň daşyndan suratkeşlik hünärim barada-da aýdaýyn. Arçabilde dynç alýardym. Bir gezek Kerim şahyryň:

— Ýerem özi üçin hasyl berenok,

Suwam özi üçin berenok hasyl —

— diýip, goşgusyny okap otyryn. Şonda öz-özüme sorag berdim. «Näme üçin diňe artist bolmaly. Başga-da mümkinçilik kän-ä» diýdim. Gerekli däneleri, tohumy çöpledim. Dary — tüýs adam reňki. Künji — düýe ýüň reňki. Çäkmeniň reňki. Tüwi — ak reňk. Atgulak, sogan tohumy, başga-da gaty kän tohum ýygnadym. Şulardan biz matanyň ýüzüne ýelimläp, ilki Magtymgulynyň suratyny çekdim. Ikinji gezek Mylly aganyň, soňra Alp-Arslanyň, Togrul begiň, Baýram han Türkmeniň garaz, şeýdip gaty kän şahsyýetleriň suratlaryny çekdim. Garaşsyzlygymyzyň on ýyllygynda «Mizan» myhmanhanasynda surat sergisine gatnaşdym. Suratlarymdan muzeýde saklanýanlaram bar— diýdi.Gurbannazar aga! Okyjylarymyz üçin degişme-de aýdyp beräýiň! — diýip haýyş etdim.

— Juma Ýazmyrat degişmäni özündenem düzäýerdi. Ynha, onuň bir degişmesi: Bir gije Poşalak agam öýüne gelmändir. Onsoň Eneküti gelnejem:

— Geläýse bolýar — diýip, eline oklaw alyp, äpişgäniň öňünde garaşýar. Şo garaşyp oturşynada uklap galýar. Daňa golaý Poşalak agam öýe gelýär. Görse,  Eneküti gelnejem ukuda. Onsoň Poşalak agam ýuwaşjadan gapyny açyp, öýe girýär. Köwşüni eline alybam, içki otaga geçjek bolandan:

— Poşşym! Şu wagt nireden gelýäň? — diýip, Eneküti gelnejem haýbat atyp oýanýar. Onda Poşalak agam:

— Ýok, Enekütim. Şu wagt gelemok. Köwşümi geýip, işe ugrajak bolýan — diýip, yzyna çykyp gidýär — diýýär.

Aşyrberdi Kürtüň bir hekaýasynam aýdaýyn. Amerikada boks ýaryşy geçirilýär. Şoňa-da bir türkmen ýaryşa gidýär. Bulam Moskwa baryp ýaramaýar. Onsoň onuň ýerine başga birini tapmaly bolýar. Bulam aýlanyp ýörkä, omzuna dört-bäş sany haly ýükläp biri barýarmyş. «Nirede bolsaňam türkmensiň. Onça ýüki omzuňda göterýän bolsaň» diýip ýanyna barýar. Dogrudanam, türkmen. Ýagdaýy aýdyp haýyş edýär. Gatnaşsaň razy. Ýykylman durup bilseň bolýar. Üç minutdan, üç gezege çenli — diýip tabşyrýar. Indi ýaňky ýaryşa barýar welin, garşydaşy iki gezek urýar. Ýykylmasyn-a ýykylman durýar. Ýöne çydan däldirdä:

— Menem ursam bolýarmy? — diýip soraýar. Bu söze tälimçiniň jany ýanyp:

— Wah, öldür — diýýär. Munuň garşydaşy urlarynam öýtmän duran. Ýaňky bir gezek urandan ýykylýar. Indi emin: «Bir, iki» diýip sanap başlaýar. Ýüzüni ýelpeýänem:

— Dokuza çenli turmasa, bagtyň gelýär. Sen ýeňýäň — diýýär. Onda türkmen:

— Aý, ol ertir şu wagta çenli-hä turmaz. Men obada öküz ýykyp ýören-ä — diýen. Ine, şu hekaýanam artistler ösdürip, oýnansoňlar awtory artistleriň özleridir öýdýärler» diýip, başga-da birnäçe degişmeleri gürrüň beripdi. Ol wagtlar Gurbannazar aganyň aýaly Bahar gelneje-de bardy. Häzir pahyrlaryň ikisem aýatda ýok. Onuň aýalam degişgen zenandy. Gülküli wakalary gürrüň berýär welin, «Gurbannazar aganyň wäşilikde tanalmagynda Bahar gelnejäniň halypalyk mekdebi bar ýaly bolup dur» diýdirýär.

Gurbannazar Atakgaýew 1934-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Durun obasynda doglan. Ol ilki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýekelikde aýdym aýtmak bölümini tamamlap, paýtagtymyzdaky 5-nji orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup zähmet ýoluna başlapdyr. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki N. Çerkasow adyndaky ýokary okuw mekdebinde drama we kino artisti hünärinden bilim alýar.Okuwyny tamamlandan soňra türkmen telewideniýasynda edebi-drama bölüminiň režissýory bolup işleýär. 1980-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işleýär.Ömrüniň ahyryna çenli bolsa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işledi. Ol 2011-nji ýylda ýogalypdy. Ony dogduk obasynda ýerlendi. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Iň soňky demine çenli göwni garramadyk halypady.

Akgül SAPAROWA.

 

Öwezgeldi Tekäýew: daglara siňen aýdymlar

               

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri