Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň Medeniýet geňeşligi tarapyndan türkmenistanly žurnalistler üçin Türkiýä tanyşdyryş sapary guraldy. Bu syýahata “Atavatan Medya”nyň wekili hem gatnaşdy.
Saparyň ilkinji güni metbugat wekilleri ilki Aşgabatdan Stambula, soňra bolsa Trabzon şäherine bardylar. Ýaz paslyndaky gök öwüsýän tebigaty we owadan howasy bilen Trabzon ilkinji pursatlardan göwnüňi awlaýar. Myhmanhanada gysga dynç alyşdan soň, Atatürk köşgüne baryp gördüler.
Trabzonyň Soguksu etrabynda ýerleşýän Atatürk köşgi, osmanly raýaty Konstantin Kabayanidis tarapyndan tomusky ýaşaýyş jaýy hökmünde gurlupdyr. 1924-nji ýylda Atatürk Trabzona eden saparynda bu köşk oňa ýarapdyr we 1931-nji ýylyň 18-nji maýyndaky 361 belgili karara laýyklykda, Trabzon halky tarapyndan Atatürke sowgat hökmünde bagyşlanypdyr. 1943-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolsa bu köşk “Atatürk muzeýi” hökmünde dabaraly ýagdaýda açylypdyr. Ýewropa binagärliginiň yzlaryny özünde jemleýän bu köşk dört gatdan ybaratdyr.
Saparyň ikinji güni ir säher bilen Sümela monastryna ýola çykyldy. Keramatly Enä bagyşlanyp gurlan bu monastr Anadolyň iň meşhur ybadathanalarynyň biri hasaplanýar. Dik gaýalarynda ýerleşýän tebigy gowagyň daşynda gurlan bu monastryň adynyň grek dilindäki “gara, garaňky” manysyndaky “mela” sözünden alypdyr.
Sümela ýolunyň ugrunda ýerleşýän şaglawuklar aýratyn özüne çekýär. Bu möwsüm ýagyşly bolansoň, şaglawuklar adatdan daşary güýçli akýar.
Soňraky duralgamyz Gara deňze bakýan başga bir ajaýyp ýer — taryhy Orta Mahalle boldy. Trabzonyň Akçaabat etrabyndaky bu ýer, halk arasynda Aziz Mihail ybadathanasy hökmünde tanalýar. Resmi ýazgylarda “Aya Taksiyarhi” ybadathanasy ady bilen bellidir. Takyk gurluş senesi belli bolmasa-da, binagärlik aýratynlyklaryna görä bu ybadathananyň 700 ýyl çemesi mundan ozal gurlandygy çaklanylýar.
Şondan soň muzeý hem bolup hyzmat edýän Trabzondaky Ayasofya ybadathanasyna baryldy.
Saparyň üçünji güni ilkinji duralgamyz Gyzlar monastry boldy. Tebigy gowaklaryň üýtgedilmegi arkaly gurlan bu ybadathana öz durkuny gorap saklap gelýär. Gadymy döwürde “Mitra” diýlip atlandyrylan Boztepe dagynyň iň beýik nokadynda ýerleşýän bu ýer Trabzondaky iň mukaddes ýerleriň biri hökmünde tanalýar.
Trabzonda hökman barylmaly ýerler gysgaça şeýle. Elbetde, wagt çäkli bolansoň görüp bilmedik köpsanly gözel ýerler hem bar. Şeýle hem, Gara deňiz sebitiniň tagamlarynyň özboluşly lezzetlerini agzamazlyk bolmaz. Kiçijik maslahat: Trabzona ýoluňyz düşse, “Hamsiköý sütlaç” tagamyny hökman dadyp görüň. Kuýmak ýaly beýleki lezzetleri-de ýatlaman geçmek bolmaýar.