JEMGYÝET

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň pawilýonynyň meşhurlygy artýar

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi öz işini dowam etdirýär. Halkara sergisine işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz ilkinji bolup, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde özüniň Milli gününi belledi.

Osakada dowam edýän bütindünýä sergisiniň çäklerinde iň köp meşhurlyk gazanan pawilýonlaryň biri hem Türkmenistanyň pawilýony boldy. Ýaponiýanyň “ABC” teleýaýlymynyň habaryna görä, geçirilen jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli pawilýony iň köp gelim-gidimli pawilýonlaryň hatarynda hormatly 3-nji orny eýeledi. Diňe 31-nji maýda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň 190 müň gatnaşyjynyň 24 müňden gowragy Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi. Bu hem türkmen pawilýonynyň meşhurlygyny artdyrýar.

Türkmenistanyň pawilýony 3 gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly ýerleşýär.

Pawilýonyň ikinji gatynyň merkezinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň sergisine aýratyn orun berlipdir.  Pawilýonyň üçünji gatynda bolsa, türkmen aşhanasynyň baý hem-de lezzetli tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligi döredilendir.

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri