JEMGYÝET

Ertir Aşgabatda möhüm duşuşyk: Türkmenistan bilen Tailand duşuşar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň-2027-niň saýlama tapgyrynda Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykyş eder.

“D” toparçanyň ikinji tapgyry ertir, 10-njy iýunda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.

Bu wajyp oýnuň öňüsyrasynda, şu gün 9-njy iýunda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary metbugat wekilleri üçin açyk türgenleşik geçirdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň hem-de oýunçysy Mekan Saparowyň gatnaşmagynda resmi metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

Günüň dowamynda Tailandyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisidir, oýunçysy hem metbugatyň wekilleriniň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler.

Bu çäreleriň ählisiniň «Aşgabat» stadionynyň çäginde geçirilendigini bellemelidiris. Iki toparyň türgenleşikleri hem merkezi oýun meýdançasynda, metbugat maslahaty bolsa maslahatlar zalynda geçirildi.

Ýeri gelende bellesek bije çekişligiň netijelesi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alypdy.

Saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary myhmançylykda Hytaý Teýpeýiniň milli ýygyndysyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Tailandyň ýygyndysy bolsa Şri-Lankankadan 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Saýlama oýunlaryň çäklerinde Röwşen Meredowyň tälim berýän ýygyndy toparymyz alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler