TEHNOLOGIÝA

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

5G interneti Russiýanyň uçarlarynda 2027-nji ýylda elýeterli bolar. Şol ýyl ýurdumyzda hem emeli hemra interneti peýda bolar diýip, Russiýanyň sanly ösüş ministri Maksut Şadaýew «Birinji kanala» beren beýanatynda belläp geçdi. 
“2027-nji ýylda emeli hemra interneti peýda bolar, uçarlarda hem internet elýeterli bolar” diýip, ol Russiýanyň uçarlarynda 5G aragatnaşyk haçan peýda bolar diýen soraga beren jogabynda belledi.

Mundan ozal ministr 2027-nji ýylda Russiýanyň çäginde giňden elýeterli internet üpjün etjek pes orbitadaky emeli hemra toparynyň 272 hemradan ybarat boljakdygyny, şeýle hem ýokary orbitada ulanyljak ilkinji aragatnaşyk hemralaryň 2026-njy ýylda uçurylyp başlanjakdygyny belläpdi.

Related posts

“Huawei Nova 8 SE Vitality Edition”

Aýyň topragyndan kislorod öndüriler

Ata Watan Eserleri

“Redmi” telefonlarynyň 5G ulgamly täze görnüşi

Ata Watan Eserleri