TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” 3-nji çärýekde elektrik awtoulagyny tanyşdyrar

"Xiaomi" kompaniýasy ilkinji elektrik awtoulagyny öndürer

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy ilkinji “Xiaomi” elektrik awtoulag prototipiniň üçünji çärýekde peýda boljakdygyny habar berdi.

Beýleki kompaniýalardan tapawutlylykda, elektrik ulagy taslamasy barada hiç hili maglumat gizlin saklamaýan hytaý kompaniýasy häzirki wagtda awtoulagyň prototipiniň üstünde işleýär.

“Xiaomi Automobile” firmasy Pekiniň Ykdysady we tehnologiki ösüş zolagynda ýylda 300000 awtoulag öndürýän desga gurmagy meýilleşdirýär. “Xiaomi” -niň köpçülikleýin öndürilmegi göz öňünde tutulan ilkinji elektrik awtoulagynyň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda gurnama liniýasyna çykmagyna garaşylýar.

Ulagyň bahasynyň 15 müňden 45 müň dollar aralygynda boljakdygyny mälim edildi.

Elektrik awtoulag bazaryndaky bäsdeşlerinden yza galmak islemeýän “Xiaomi” kompaniýasy ýakyn 10 ýylda bu bazara jemi 10 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär.

 

Dünýädäki iň uzyn awtoulagy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi