Paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda alym Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Şunda, aýratyn-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alşyldy.
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine aýratyn üns berildi. Munuň özi giňden wagyz edilmeli işlerdir. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler giňden beýan edilmelidir.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, dört ýyla golaý döwrüň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini, onuň ýardam bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar hassahanalaryna dünýäniň iň kämil saglygy goraýyş enjamlarynyň oturdylandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň, teleradioýaýlymlarynyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri wagyz etmekde täzeçil usullardan netijeli peýdalanmaklaryna uly üns berildi. Munuň özi dünýä nusgalyk asylly işleriň halkara giňişlikde giňden beýan edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.