JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň guramalarynyň arasynda gatnaşyklar ýola goýlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda «FIT International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin däp bolan çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara forumynyň ähmiýetini we netijeliligini aýratyn belledi.

Taraplar «FIT International» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellemek bilen, onuň Türkmenistanyň möhüm we ähmiýetli wakalary mynasybetli geçirilen tematiki çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşandygyny nygtadylar.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berildi.

Mundan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi