JEMGYÝET

Günortanlyk ukynyň peýdasy

Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýerleşýän psihiki saglygy merkeziniň alymlary günortan çagyndaky ukynyň adam aňyna edýän täsirini öwrenmek üçin barlag işlerini geçirdiler diýip, “United Press International” maglumatlar agentligi habar berýär.

Bu barlag Pekin, Şanhaý we Sian şäherlerinden jemi 2.200 adam gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň 1.520 sanysy günortan azyndan 2 sagat ukysyny alypdyrlar, 680 sany adam bolsa günortan ýatmandyrlar. Soňra gatnaşyjylary görüş ukyplary, gysga möhletli ýat, dowamly ünslilik, meseläni çözmek, giňişleýin habarlylyk we erkin gürlemek ýaly akyl başarnyklary boýunça synag edilipdir.

Barlag toparynyň ýolbaşçysy Dr. Lin Sun günortan uklaýan adamlaryň ýatmaýan adamlar bilen deňeşdirilende ýat we gürleýiş ukyplarynda düýpli tapawudyň bardygyny habar berdi. Hünärmenler günortan ukynyň uzynlygynyň we ýygylygynyň akyl öndürijiligine täsir edip biljekdigini bellediler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys

“Al-Nassr” toparynyň tälimçisi: “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesi ýokary