DÜNÝÄ

Günorta Koreýanyň täze Prezidenti – Ýun Sok Ýol boldy

Koreýa Respublikasynda prezident saýlawlary geçirildi. “Graždan güýji” partiýasynyň dalaşgäri Ýun Siok Ýol prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.

Ýun Sok Ýol sesleriň 48.56 göterimini alyp, esasy garşydaşy Li Çže Mýondan öňe saýlandy. Li Çže Mýon bolsa, sesleriň 47,83 göterimini aldy. Prezident saýlawynda üçünji bolan sin San Çžon bolsa saýlawçylaryň 2,37 göteriminiň sesini almagy başardy.

Ýurtda hasaba alnan 44,19 million saýlawçydan 34 milliondan gowragy ses berdi we saýlawa gatnaşyk 77,1 göterim boldy.

Ýurduň milli geňeşinde (parlamentinde) çykyş eden täze saýlanan Prezident ýurduň raýatlarynyň agzybirligini pugtalandyrmak özüniň esasy baş maksady boljakdygyny belledi. Ol özüni goldan saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi.

Günorta Koreýada saýlawlar çarşenbe güni geçirildi. Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen ir sagat 06:00-da açyldy we 18:00-da ses bermek işi tamamlandy. Ýurduň hökümeti koronawirus bilen kesellän hem-de karantin çärelerinde bolan saýlawçylara 18:00-dan 19:30 aralygynda ses bermek mümkinçiligini döretdi.

Saýlawlarda möhletinden öň ses bermek 4-5-nji martda geçirilip, saýlawçylaryň 36,9 göterimi ses berdi.

10-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi