DÜNÝÄ

Gümrük gullugynyň Okuw merkezine BGG-niň Sebitleýin Okuw merkezi derejesi berilýär

Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebitindäki agza döwletleriniň gümrük ýolbaşçylarynyň ýyllyk maslahatynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezine BGG-niň Sebitleýin okuw merkezi derejesiniň berilmegi baradaky teklip biragyzdan goldanyldy.

Türkmenistan tarapyndan maslahata Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi S.Palwanow we geňeşçi Ý.Kakajanow gatnaşdylar. Gullugyň wekili K.Ahmedow maslahatyň gün tertibinde aýratyn orun alan mesele boýunça çykyş edip, Okuw merkeziniň halkara ülňülere laýyk gelýän mümkinçilikleri, kämilleşdirilen infrastrukturasy, tejribe alyş işleriniň gerimi barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem, Okuw merkeziň mümkinçiliklerini açyp görkezýän wideoprezentasiýa görkezildi.

Maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri türkmen başlangyjyny doly goldap çykyş etdiler. Bu teklip boýunça jemleýji ädim hökmünde, şu ýylyň iýun aýynda BGG-niň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde degişli Ähtnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe bolmagy Türkmenistanyň gümrük ulgamynda halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi