DÜNÝÄ

Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar

Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň deputaty, Hukuk meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, “Türkmenistan-Gruziýa” Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagynyň, energetika, ulag pudaklarynda ýakyn arabaglanyşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ähmiýetini, şeýle hem, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler.

Şol bir wagtyň özünde, ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini bellemek bilen, iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Duşuşykda gruzin parlamentariýleriniň Türkmenistana boljak sapary bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar hem-de däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmeginiň iki ýurdyň halklarynyň hatyrasyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri