SPORT

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Gruziýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Napoli” toparynyň ýarymgoragçysy Hwiç Kwarasheliý Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçer. Munuň üçin 75 million ýewro tölener. Bu barada italýan žurnalisti Nikolo skira jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Şeýle hem ol gruzin futbolçysy bilen 2029-nji ýyla çenli we bir ýyl uzaltmak şerti bilen şertnama baglaşylmagy göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Futbolçynyň Pariž toparyndaky aýlygy 9 million ýewro bolup, 2 million ýewro goşmaça alar.

23 ýaşyndaky gruzin futbolçy 2022-nji ýyldna bäri “Napoli” toparynda çykyp edip, 2023-nji ýylda bu topar bilen Italiýanyň çempiony boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy