SPORT

Gresiýanyň çempiony – “Olimpiakos”

Gresiýanyň futbol boýunça milli çempionatynda “Olimpiakos” topary “PAOK” toparyny 2:1 hasabynda utup, 2021-2022-nji möwsümiň çempiony boldy.

Şeýlelikde, “Olimpiakos” topary çempionatyň tamamlanmagyna 4 hepde galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi.

“Olimpiakos” topary Gresiýanyň futbol çempionatynda 47-nji çempionlygyny gazandy. Bu topar çempionatda mundan soňky tapgyrlarda “Aris”, “Panatinaikos” we “AEK” toparlary bilen duşuşar.

1925-nji ýylyň 10-njy martynda döredilen “Olimpiakos” topary Gresiýanyň futbol taryhynda iň üstünlikli klub bolup, 47 gezek liganyň çempiony boldy. Topar 28 kubok we 4 sany Superkubok gazandy.

79 milli kubok gazanan “Olimpiakos” topary futbol klubynyň gazanan umumy kuboklary boýunça dünýäde 9-njy ýerde durýar.

Maradonanyň köýnekçesi satyldy

Related posts

Serdar Azmun “Zenit” toparyna dolanyp biler

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: “Barselonanyň” öňküligi ýok

«Arkadag» futbol topary 21 utuk toplady