PEÝDALY MASLAHAT

“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar

Nireden Görmeli? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamak we işlemek üçin uly mümkinçilikleriň biri bolan “Green Card” lotereýasynyň netijeleri yglan ediljek güni belli boldy.

Netijeler Haçan Belli Bolýar?

DV-2026 lotereýasynyň netijeleri:   Amerikanyň wagty bilen 2025-nji ýylyň 3-nji Maýy, sagat 12:00 (EDT)   Türkmenistanda bolsa bu takmynan 3-nji Maý sagat 21:00 töweregi bolar. Şol wagtdan başlap, gatnaşyjylar netijelerini barlap bilerler.

Netijeler Nireden Görülýär? Netijeleri diňe ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi sahypasyndan barlap bolýar:   https://dvprogram.state.gov/

Netijäni Nädip Barlaýar?

1. dvprogram.state.gov sahypasyna giriň.

2. “Check Status” bölümini saýlaň.

3. Size berlen Confirmation Number-i giriziň.

4. Familiýaňyzy we doglan senäňizi girizip, netije üçin “Submit” düwmesine basyň.

Üns Beriň!

• Netijeleri barlamak üçin diňe resmi web sahypany ulanyň.

• Email ýa-da telefon arkaly gelen “siz ýeňiji boldunyz” ýaly habarlara ynanmaň — olar kezzaplykdyr.

• Ýeňiş gazanan ýagdaýyňyzda, wiza resminamalary boýunça görkezmeleri ýerine ýetiriň.

• Tassyklaýyş belgiňizi azyndan 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli saklamagy unutmaň.

Ýene-de okaň

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy