IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşygy üçin bäsleşik

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşyk işlerinde potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy awgustyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800322 9-03-02, faks belgisi: 800322 9-03-14.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär